- gorkmak
- işlik1) Bir zatdan, hereketden we ş. m heder etmek, gorky duýgusy peýda bolmak, ürkmek.∙ Mährijemal gorkup: --Waý -- diýip gygyrdy. (A. Gowşudow, Saýlananeserler)∙ Gorkana goşa görner. (Nakyl)2) Heder etmek, ätiýaç etmek, çekinmek.∙ Biz ähli mugallymlar bolup ondan gorkardyk. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.Meselem gorkmak - gorkdum, gorkduň, gorkupdyr.◊ gorkan öňürder etmek — Ätiýaç edip, bir zady öňünden aýtmak, ýerine ýetirmek.∙ Iwan, gorkan öňürder etme. (B. Kerrbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.